Soňky habarlar

Arhiw

Maliýe we ykdysadyýet ministrligi 2025-nji ýyl üçin ykdysady resminamalaryň taslamalaryny taýýarlamagy guramaga borçly edildi

09:5501.06.2024
0
13309

Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi:

— Türkmenistanyň 2025-nji ýyl üçin Döwlet býujetiniň, Türkmenistany durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň esasy ugurlarynyň we Türkmenistanyň maýa goýum Maksatnamasynyň taslamalaryny taýýarlamak işlerini guramaga we olary 2024-nji ýylyň 1-nji noýabryna çenli Ministrler Kabinetine bermäge;

— bu taslamalary düzmek üçin hasaplama görnüşlerini we usulyýet görkezmelerini ministrliklere, pudaklaýyn dolandyryş edaralaryna, welaýatlaryň, Aşgabat hem-de Arkadag şäherleriniň häkimliklerine 2024-nji ýylyň 5-nji iýunyna çenli ibermäge;

— taslamalary taýýarlamak üçin hünärmenlerden ybarat iş toparyny döretmäge we onuň işini netijeli guramaga borçly edildi.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow 31-nji maýda degişli Karara gol çekdi. Bu barada TDH habar berýär.

Bellenilişi ýaly, resminama Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Prezident maksatnamasyndan ugur alyp, Türkmenistanyň Býujet kodeksine laýyklykda, Türkmenistanyň 2025-nji ýyl üçin Döwlet býujetiniň, Türkmenistany durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň esasy ugurlarynyň we Türkmenistanyň maýa goýum Maksatnamasynyň taslamalaryny öz wagtynda taýýarlamak maksady bilen kabul edildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň