Soňky habarlar

Arhiw

«Türkmenhowaýollary» haj zyýaraty günlerinde 10 sany ýörite gatnawy ýola goýar

11:1901.06.2024
0
16737

Ozal habar berşimiz ýaly, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň ýakynda gol çeken degişli Buýrugyna laýyklykda, 2024-nji ýylyň 10-njy iýuny — 9-njy iýuly aralygynda haj parzyny berjaý etmek üçin, 289 zyýaratçyny Saud Arabystany Patyşalygyna ibermek bellenildi.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň «Türkmenhowaýollary» agentligine zyýaratçylary Saud Arabystany Patyşalygyna eltmek we yzyna getirmek üçin agentligiň öz serişdeleriniň hasabyna ýörite gatnawy guramak tabşyryldy. Şunuň bilen baglylykda, agentlik tarapyndan zyýaratçylary Saud Arabystany Patyşalygyna eltmek we yzyna getirmek üçin, 10 sany ýörite gatnawlar ýola goýlar.

Bu barada agentlik resmi saýtynda habar berýär. Şeýle-de haj möwsüminde zyýaratçylaryň haj parzyny berjaý etmekleri üçin, zerur bolan ähli guramaçylykly işleriň ýerine ýetirljekdigi barada ýatladýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň