Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmen diplomaty Human Rights Watch guramasynyň Ženewadaky edarasynyň direktory bilen duşuşdy

17:2730.05.2024
0
9629

Türkmenistanyň BMG-nyň Ženewadaky edarasynyň ýanyndaky hemişelik wekili Wepa Hajiýew hökümete degişli bolmadyk Human Rights Watch guramasynyň Ženewadaky edarasynyň direktory Hilary Power bilen duşuşdy.

Duşuşyk iki tarapyň arasynda adam hukuklary ulgamyndaky derwaýys meseleler boýunça has köp işleşmek üçin aragatnaşygy ýola goýmak maksady bilen guraldy.

Duşuşykda özara gyzyklanma döredýän meseleler, şeýle hem ynsanperwer ugurda mundan beýläkki gatnaşyklaryň mümkinçilikleri we görnüşleri barada pikir alşyldy.

Hyzmatdaşlygyň netijeliligini üpjün etmek üçin taraplar Ženewadaky wekilhanalaryň üsti bilen yzygiderli aragatnaşyk saklamak barada ylalaşdylar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň