Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

30-njy maýda Türkmenistanyň esasy habarlarynyň daýjesti

12:2930.05.2024
0
12962

Türkmenistanda harby okuw meýdan türgenleşikleri geçirildi, jemleýji synaglar 1 – 15-nji iýun aralygynda Türkmenistanyň orta mekdeplerinde gutardyş synaglary geçiriler, türkmen wekiliýeti ABŞ-nyň ýokary okuw mekdebi bilen atçylyk pudagynda hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerini öwrendi we beýleki habarlar

TÜRKMENISTANDA

1. Türkmenistanyň Balkan welaýatynda harby we hukuk goraýjy edaralaryň dürli goşun görnüşleriniň gatnaşmaklarynda giň gerimli bilelikdäki harby okuw meýdan türgenleşikleri geçirildi. Türgenleşikleriň dowamynda Ýaragly Güýçleriň goşunlary şertli garşydaşyň diwersion toparlaryny zyýansyzlandyrmak, howa hüjümlerini serpikdirmek we iň täze sanly dolandyryş ulgamlaryny hem-de uçarmansyz uçýan enjamlary ulanmak bilen, ýurduň çäk taýdan bitewiligini üpjün etmek boýunça wezipeleri ýerine ýetirdiler. Harby okuw meýdan türgenleşikleriniň esasy maksady söweşjeň taýýarlygy ýokarlandyrmakdyr.

2. 1 – 15-nji iýun aralygynda Türkmenistanyň umumybilim berýän orta mekdeplerinde gutardyş synaglary geçiriler. Mekdep uçurymlary 4 sany (3 sany hökmany we 1 sany ýöriteleşme) synag tabşyrarlar. 1-nji iýunda 11-nji synpy tamamlan uçurymlaryň ählisi ene dili we edebiýaty dersinden düzme ýazarlar. 5-nji iýunda ýurduň ähli mekdeplerinde algebra we analiziň başlangyçlary dersinden ýazmaça synag alnar. Jemgyýeti öwreniş dersinden hem-de ýöriteleşme synagy her bir mekdepde içerki bellenilen tertip esasynda dilden tabşyrylar.

3. Türkmenistandan Aba Annaýew adyndaky halkara atçylyk akademiýasynyň wekiliýeti ABŞ-nyň Esberi uniwersiteti bilen hyzmatdaşlygy ýola goýmagyň mümkinçiliklerini öwrenmek üçin ABŞ-nyň Kentukki ştatynyň Wilmor şäherine iş saparyny amala aşyrdy. Wekiliýetiň düzümi Türkmenistanyň ABŞ-daky ilçisi Meret Orazowdan, akademiýanyň prorektory Seýitmyrat Ataýewden hem-de seýis we tälimçi Aman Bäşimowdan ybarat boldy.

4. Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli Aşgabatda Ýaşlar simfoniki orkestriniň we birleşen çagalar horunyň konserti geçiriler. Konsert 1-nji iýunda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde sagat 15:00-da başlanar. Sahnada Ýaşlar simfoniki orkestriniň 110 sany zehinli ýaş sazandasy we birleşen çagalar horunyň 120-ä golaý agzasy çykyş ederler.

5. Aşgabat – Awaza – Aşgabat şäherara awtobus gatnawynyň petekleri «Şäherara bilet» mobil goşundysynda onlaýn satuwa çykaryldy. Möwsümleýin awtobus gatnawynyň 1-nji iýundan başlap, her gün hereket etjekdigini ýatladýarys.

6. 1-nji iýunda «Watan» kinokonsert merkezinde Çagalary goramagyň halkara gününe bagyşlanan «Çagalyk planetasy» atly inklýuziw festiwal geçiriler. Festiwalyň guramaçysy «Ýeňme» jemgyýetçilik guramasydyr. Festiwal sagat 15:00-da başlanar. Giriş mugt.

Dünýäde

7. Koreýaly hünärmenler täleýnamanyň ýyldyzlarynyň adamyň durmuşyna edýän täsirini ýene bir gezek ýalana çykardylar. Gözlegçiler abadançylygyň sekiz esasy görkezijisini öwrendiler: bagt, depressiýanyň derejesi, stress, işden we maliýe ýagdaýyňdan kanagatlylyk, saglyk we maşgala abadançylygy. Netijeler astrologiýanyň muşdaklary üçin ýaramaz boldy: bu görkezijileriň hiç birine hem täleýnamanyň ýyldyzlarynyň täsiriniň bardygy kesgitlenmedi.

8. Kolumbiýa Kongresi tutuş ýurtda korridany( öküz söweşini) gadagan etmek üçin ses berişlik gurady. Taslama sesleriň aglaba köplügi bilen kabul edildi (93 razy, 2 garşy). «Ezýetiň we zalymlygyň medeniýetiň bir bölegi bolup biljekdigine ynanmaýarys» diýip, senator Huan Karlos Losada belledi.

Sport habarlary

9. Türkmenistanyň futbol boýunça milli ýygyndysynyň Dünýä çempionaty ― 2026-nyň saýlama tapgyryndaky topardaşy bolan Gonkongyň milli ýygyndysy baş tälimçisini çalyşdy. Topara bu wezipede 3,5 ýyl işlän ozalky tälimçi Ýorn Andersonyň ornuna 44 ýaşly awstriýaly hünärmen Wolfgang Luisser tälim berer. Luissere Eýranyň we Türkmenistanyň milli ýygyndylary bilen boljak duşuşyklarda baş tälimçiniň wezipesini ýerine ýetiriji hökmünde çykyş eder. Dünýä çempionaty ― 2026-nyň saýlama tapgyrynyň 5-nji aýlawynda türkmen futbolçylary 6-njy iýunda Daşkentde Özbegistan bilen duşuşarlar we saýlama tapgyrynyň jemleýji oýnunda 11-nji iýunda öz meýdançalarynda Gonkong bilen oýnarlar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň