Birleşen Milletler Guramasynyň Ilat Gaznasynyň Türkmenistandaky wekilhanasy (UNFPA), Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport boýunça döwlet komiteti bilen bilelikde 27–29-njy maý aralygynda geçirilen welosportuň trek görnüşi boýunça ýörişiň gatnaşyjylaryny sylagladylar.
Bütindünýä welosiped gününe bagyşlanan bu ýörişe 40-dan gowrak ýaş oglan we gyzlar gatnaşdy.
Döwlet bedenterbiýe we sport komiteti we UNFPA tarapyndan bilelikde gurnalan ýörişiň gatnaşyjylaryny sylaglamak dabarasy, ýaşlaryň gazananlaryny bellemek we olaryň sporta bolan höwesini has-da artdyrmak üçin möhüm waka boldy.
"Tigir sürmek bu diňe saglyk üçin däl, eýsem daşky gurşaw üçin hem peýdaly bolup, gyzlaryň hem bedenterbiýe we sportda işjeň bolmaklaryna getirýär" diýip, UNFPA-nyň Türkmenistandaky wekilhanasynyň başlygy Kemal Goşliýew aýtdy.
Sylaglamak dabarasyndan başga-da, ýörişiň çäklerinde Döwlet Bedenterbiýe we sport komiteti we UNFPA tarapyndan bilelikde ýörişe gatnaşyjylar bilen okuw çäresi hem gurnaldy. Onda gender deňligi, deň derejeli mümkinçilikler we ýurduň ösüşinde ýaşlaryň orny ýaly temalar boýunça wiktorina we gürrüňdeşlikler geçirildi.