Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Gazagystanda Türkmenistanyň Medeniýet günleri geçiriler

22:1928.05.2024
0
8061

2024-nji ýylda Aşgabatda Gazagystanyň Medeniýet günleri, Astanada bolsa Türkmenistanyň Medeniýet günleri geçiriler. Degişli mesele iki ýurduň DIM-leriniň ýolbaşçylarynyň arasynda düýn Astanada geçirilen duşuşykda ara alnyp maslahatlaşyldy.

Gazagystanyň DIM-niň metbugat gullugynyň habar bermegine görä, iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryň möhüm gün tertibine ünsi çekdiler.

«Döwlet Baştutanlarynyň görkezmelerine laýyklykda, şu ýyl Astanada Türkmenistanyň Medeniýet günleri, Aşgabatda Gazagystanyň Medeniýet günleri geçiriler. Bu çäreleriň çäginde döredijilik toparlarynyň çykyşlary, iki ýurduň beýik söz ussatlary Magtymguly Pyragynyň hem-de Abaý Kunanbaýewiň ýadygärlikleriniň açylyş dabarasy meýilleşdirilýär» diýlip çeşmede bellenilýär.

Mundan başga-da, duşuşykda beýik akyldar Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli bilelikde geçiriljek çäreler barada hem pikir alşyldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň