Soňky habarlar

Arhiw

«Ilatly» restorany Çagalary goramagyň halkara gününe çagyrýar

15:4527.05.2024
2
13016

1-nji iýunda «Ilatly» restorany Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli çagalar we olaryň ene-atalary üçin iň bir gyzykly, şatlyk-şowhunly ýere öwrüler.

Şol gün sagat 12:00-dan — 15:00-a çenli kiçijik myhmanlar bu ýerde kitirdewük naggetsler, hoşboý ysly pizzalar, datly burgerler hem-de sowuk miweli içgiler ýaly özleriniň iň halaýan tagamlaryndan lezzet alyp bilerler.

Bu baýramçylyk gününiň bütin dowamynda tejribeli animatorlar çagalaryň bir minudyny hem gyzyksyz geçirmezleri ýaly, gyzykly oýunlar we bäsleşikler bilen wagtlaryny hoş geçirerler.

Restoranyň çäginde şeýle hem çagalaryň açyk howada oýnamagy üçin niýetlenen kiçijik oýun meýdançasy bardyr.

«Ilatly» restorany myhmanlary rahat atmosferasy we hoşboý ysly ýaşyl bagy bilen özüne çekýär. Örän oňaýly howa şertlerinde myhmanlar eýwanda ýa-da werandada oturyp, ýakymly tagamlardan we arassa howadan lezzet alyp bilerler. «Ilatly» restoranynyň tagamnamasy dürli görnüşli italýan we ýewropa tagamlaryny hödürleýär.

1-nji iýunda geçiriljek baýramçylyk çäresine gatnaşmak üçin hökmany suratda öňünden ýer sargyt etmelidir.

Özüňize ýer sargyt etmäge howlugyň, sebäbi oturgyçlaryň sany çäklidir!

Habarlaşmak üçin:

  • Ýerleşýän salgysy: Änew şäheri, Gurbansoltan eje şaýolunyň ugrunda;
  • telefon belgisi: (+993 65) 65 01 41;
  • sosial media ulgamyndaky sahypasy.
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň