Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasy tassyklandy

13:3627.05.2024
0
19891

Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasy we ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasy tassyklanyldy. Prezident Serdar Berdimuhamedow degişli Karara 25-nji maýda sanly ulgam arkaly geçiren Hökümet mejlisiniň barşynda gol çekdi. Bu barada "Watan" habarlar gepleşiginde habar berilýär.

Bellenilişi ýaly, resminama bilim bermegiň hilini dünýä standartlaryna laýyk getirmek, okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmek, bu ugurda innowasion usullary okuw işine giňden ornaşdyrmak, mugallymlaryň döredijilik başarnyklaryny hem-de ussatlygyny has-da ýokarlandyrmak maksady bilen kabul edildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň