Soňky habarlar

Arhiw

«Hilli» yşyklandyryş enjamlarynyň dükanyna täze interýer bezeglikleri geldi

17:1123.05.2024
0
14528

Döwrebap yşyklandyryş enjamlaryny hödürleýän «Hilli» dükanlar tory haryt görnüşlerini giňeldýändigini habar berýär. Indi bu dükanlarda lýustralar, spot çyralary, torşerler hem-de diwarlyk bralar bilen birlikde bezeg önümleriniň köpdürli görnüşleri hödürlenýär.

Öýlerinde amatly atmosferany döretmegi halaýanlar täze interýer bezegliklerine ýokary baha bererler. «Hilliniň» assortimentinden heýkeljikleri, küýzeleri, şemdanlary, aýnalary, sagatdyr başga-da köp zatlary tapmak bolýar.

«Hilli» interýer bezegleriniň haryt görnüşleri doglan gün, jaý toýy, ýubileý, durmuş toýy ýaly islendik dabaralar üçin kybap geljek sowgatlygy saýlamaga mümkinçilik berer.

Häzirki wagtda «Hilli» dükanlarynda lýustralaryň we çyralaryň nusgawy modellerine 40%-e çenli arzanladyş dowam edýär. Bu interýeriňizi amatly bahadan özgertmek üçin ajaýyp mümkinçilikdir.

«Hilli» müşderilerine häzirki zaman täze önümleri hödürlemek bilen, assortimentini yzygiderli täzeleýär. Dükanlardaky ähli önümler 2 ýyldan 3 ýyla çenli kepillendirilýär.

«Hilli» dükanlary şu salgylarda ýerleşýär:

  • «Arkaç» söwda-dynç alyş merkezi, 0-njy gat, 28-nji dükan;
  • G.Kulyýew köçesi (ozalky Obýezdnoý), «Hilli hyzmat» binasy;
  • G.Kulyýew köçesi, Bedew ýaşaýyş toplumy, 2-nji jaý.

Habarlaşmak üçin telefon belgileri: 53 55 22, 50 85 80, 60 01 98. Sosial media ulgamyndaky salgysy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň