Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Güýçli çabga Minskiniň köçelerini we metrony basdy

10:0022.05.2024
0
8601
Güýçli çabga Minskiniň köçelerini we metrony basdy
Surat: ria.ru

Belarussiýanyň paýtagtyna güýçli çabga düşdi diýip, «24KZ» habar berýär. Bulaşyk howa metronyň işinde bökdençlikleri döretdi, birnäçe köçeleri, onlarça öýleri we iri söwda merkezlerini suw aldy. Halas ediş gulluklary metrony suwdan arassalaýarlar.

Ýerli häkimiýetler howa howplulygynyň «gülgün» derejesini yglan etdiler. Pida bolanlar we ejir çekenler barada habar berilmeýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň