Top.Mail.Ru

Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň talyby Angliýada geçirilen halkara taslama bäsleşiginde “Altyn medala” eýe boldy

11:0122.05.2024
0
23265

“Oscar Education Ltd UK” we “University of Surrey in London” guramagynda talyplarynyň zehinlerini, ukyp başarnyklaryny görkezmek, innowasion ösüşlere isleglerini artdyrmak hem-de halkara derejesinde ykrar edilmegini gazanmak maksady bilen geçirilýän “Olimpiýada komitetiniň Halkara bütündünýä innowasiýa talyp sergisi 2024” atly bäsleşiginiň 2024-nji ýylyň 13-nji maýynda jemleýji tapgyrynda “Ykdysadyýet” fakultetiniň “Ykdysadyýet we hukuk” taýýarlyk ugrynyň 1-nji ýyl talyby Polat Baýramowyň “Emeli aň üsti bilen kiçi ýaşlylara hasaplamagy öwretmek” atly taslamasy “Altyn medala” eýe boldy.

Bäsleşik onlaýn geçirildi. Bäsleşigiň indiki tapgyrynda Beýik Britaniýanyň London şäherinde ýeňijileriň taslamalarynyň sergisi geçirile.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň