Soňky habarlar

Arhiw

«Çelsi» Poçettino bilen şertnamasyny ýatyrdy

09:2522.05.2024
1
9402

«Çelsi» baş tälimçisi Maurisio Poçettino bilen iki taraplaýyn razylygyň netijesinde şertnamasyny ýatyrandygyny habar berdi.

Argentinaly hünärmen 2023-nji ýylyň tomsunda "Çelsa" ýolbaşçylyk edip başlady. Topar onuň ýolbaşçylygynda ähli ýaryşlarda 51 oýun oýnady, 27 gezek ýeňiş gazandy, 10 gezek deňme-deň oýnady we 14 gezek ýeňildi. Şeýle hem, olar premýer-ligada 6-njy orny eýeläp, konferensiýa ligasynda oýnamak hukugyny gazandy. Eger-de «Mançester Siti» Angliýa kubogynyň finalynda «Mançester Ýunaýtedi» ýeňen ýagdaýynda, gökler Ýewropa ligasyna gatnaşar.

Poçettino bilen «Çelsiniň» arasynda hiç hili düşünişmezlik ýokdugy belläp geçilýär. Topar derrew täze baş tälimçi gözläp başlar. Olar esasanam Sebastian Heness (Ştutgart), Miçel Sançes (Žirona), Enzo Mareski (Lester) we «Ipswiçiň» tälimçisi Kieran MakKenna ýaly ýaş hünärmenleri seredjekdigi habar berildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň