Belarus döwlet uniwersiteti Türkmenistandan dalaşgärleri çagyrýar

15:1715.05.2024
0
34863

Belarusyň öňdebaryjy uniwersiteti bolan Belarus döwlet uniwersiteti (BDU) Türkmenistandan dalaşgärleri geljegi uly ugurlar boýunça okamaga çagyrýar.

Rus dil biliminiň derejesini kesgitleýän söhbetdeşlige gatnaşmak üçin BDU-nyň geljekki dalaşgärleri, ilki bilen, uniwersitetiň Türkmenistandaky wekilhanasy bolan «A1» kompaniýasynyň merkezi edarasynda hasaba alynmaly. Söhbetdeşlik iýun aýynyň birinji ýarymynda Aşgabatda geçiriler. Duşuşyga BDU-nyň kabul ediş toparynyň agzalary gatnaşar. 2024-nji ýyldaky kabul edişlik, fakultetler we hünärler, talyp durmuşy barada has köp maglumat alyp bilersiňiz, şeýle hem uniwersitetiň wekillerine sorag berip bilersiňiz.

BDU-nyň diplomlarynyň Türkmenistanda ykrar edilendigini bellemelidiris. Munuň özi BDU-ny tamamlan türkmen uçurymlarynyň okuwlaryny magistratura we aspirantura boýunça aňsatlyk bilen Türkmenistanda dowam etdirip biljekdigini, şeýle hem hünäri boýunça iş tapyp biljekdigini aňladýar.

Näme üçin Belarus döwlet uniwersitetini saýlamaly?

- Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan diplomy tassyklanylýan uniwersitetleriň sanawyna girýär.

- dünýäniň iň gowy uniwersitetleriniň biri: BDU 11 halkara agentliginiň beren bahalaryna görä dünýäniň iň gowy uniwersitetleriniň 1%-ine girýär.

- ussat mugallymlar topary: akademikler, professorlar, ylymlaryň doktorlary, Belarusyň Milli Ylymlar akademiýasynyň habarçy-agzalary.

- hünärleriň giň görnüşleri: BDU 80 bakalawriat hünäri boýunça 28 fakultetde okuwlary hödürleýär.

- häzirki zaman infrastrukturasy: auditoriýalar, barlaghanalar, kitaphanalar, sport toplumlary, umumy ýaşaýyş jaýlary.

BDU-nyň fakultetleri:

  • Mehanika we matematika
  • Amaly matematika we informatika
  • Fizika
  • Radiofizika we kompýuter tehnologiýalary
  • Himiýa
  • Biologiýa
  • Hukuk
  • Žurnalistika
  • Taryh
  • Ykdysadyýet
  • Filosofiýa we sosial ylymlar
  • Halkara gatnaşyklary
  • Filologiýa
  • Sosial-medeni aragatnaşyk
  • Geografiýa we geoinformatika

Uniwersitetde kabul edilen ähli daşary ýurtly talyplara umumy ýaşaýyş jaýynda orun berler.

BDU-nyň talyplar şäherçesi 10 umumy ýaşaýyş jaýyndan ybarat bolan döwrebap toplumdyr we onda 8000 töweregi talyp ýaşaýar. Umumy ýaşaýyş jaýlary rahat ýaşamak we okuw üçin ähli zerur şertler bilen üpjün edilendir: aşhanalar, kir ýuwýan enjamlar, okuw we dynç alyş otaglary, şeýle hem internete elýeterlilik.

Şeýle hem umumy ýaşaýyş jaýlarynda talyplaryň özygtyýarly guramalary, sport zallary we bilýard otaglary, gyzyklanmalar esasynda gurnaklar, sport bölümleri, tans studiýasy we döredijilik ussahanasy hereket edýär. Talyplar üçin yzygiderli syýahatlar, gezelençler, döredijilik ýaryşlary we beýleki çäreler gurnalýar.

BDU-nyň şäherçesinde ýaşamak diňe bir ýokary hilli bilim almak üçin däl, eýsem, täze dostlar tapmak, joşgunly talyp durmuşyna aralaşmak we dostlukly uniwersitet jemgyýetiniň bir bölegi bolmak üçin ajaýyp mümkinçilikdir.

«A1» kompaniýasynyň wekilhanasy resminamalary taýýarlamakda professional kömek, okuwa girmegiň ähli tapgyrlarynda maslahat we Belarus Respublikasynyň çäginde goldaw berer.

Uniwersitetiň Türkmenistandaky wekili bilen şu telefonlar arkaly habarlaşyp bilersiňiz:

(+993 62) 02 30 84
(+993 71) 43 30 88

Elektron poçta bsustudent2024@mail.ru. Sosial ulgamdaky sahypasy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň