18 — 20-nji aprelde Lebap welaýatynyň merkezi Türkmenabat şäherinde ýangyn amaly sport bäsleşigiň 2024-nji ýyldaky döwlet derejesindäki jemleýji tapgyry geçirildi. Oňa ýurduň ähli welaýatlaryndan hem-de Aşgabat we Arkadag şäherlerinden deslapky bäsleşiklerde ýeňiji bolan, her biri bäş adamdan ybarat ýaş ýangyn söndüriji toparlaryň jemi 7-si gatnaşdy.
Bäsleşigi Türkmenistanyň Içeri işler we Bilim ministrlikleriniň bilelikde gurady diýlip, «Türkmenistan: Altyn asyr» saýtynda habar berildi.
Bu bäsleşige ýurduň ähli ýerinden mekdep okuwçylarynyň gatnaşmaklaryny üpjün etmek maksady bilen etraplarda we welaýatlarda deslapky bäsleşikler geçirilýär hem-de ýeňiji bolan topar, onuň jemleýji döwlet tapgyryna gatnaşmaklyga hukuk gazanýar.
Bäsleşikde her biri bäş adamdan ybarat bolan toparlar iki görnüş – ýangyn söndüriji enjamlary ulanmak arkaly 100 metr päsgelçilikli aralyga ylgamak, şeýle hem estafeta ylgawy – ýangyn söndüriji enjamlary ýüzugruna ulanyp, 400 metr päsgelçilikli aralygy geçmek boýunça özara bäsleşdiler.
Ýaryşyň jemi boýunça Daşoguz welaýatynyň Daşoguz şäherindäki 24-nji orta mekdebiň ýaş ýangyn söndürijiler topary 1-nji orna hem-de ýaryşyň göçme kubogyna mynasyp bolmagy başardylar. Mary welaýatynyň Sakarçäge etrabyndaky 17-nji, şeýle hem Lebap welaýatynyň Dänew etrabyndaky 18-nji orta mekdepleriň toparlary hem degişlilikde 2-nji we 3-nji orunlara mynasyp boldular. Bäsleşikde üstünlikli çykyş eden toparlaryň ählisine hem dabaraly ýagdaýda ýörite diplomlar, jemgýetçilik guramalary tarapyndan taýýarlanan sowgatlar gowşuryldy diýlip, habarda bellenilýär.