Aşgabat şäherinde eýýäm bäş güni yzda galan hokkeý boýunça halkara ýaryşda şu gün täsin ýagdaý emele geldi. Bäş günüň dowamynda geçirilen 20 duşuşygyň arasynda şu gün ilkinji gezek ýeňiji goşamaça wagtda kesgitlenildi.
Beýle ýagdaý «B» toparçanyň «Dordoý» (Gyrgyzystan) ― «Wolat» (Belarus) duşuşygynda ýüze çykdy.
Birinji we ikinji döwri 0:0 hasabyndaky deňlik bilen tamamlanan duşuşygyň üçünji döwründe taraplaryňhersi bir şaýba geçirdi. Şeýlelikde, 60 minudy 1:1 hasabyndaky deňlik bilen tamamlanan duşuşykda ýeňiji kesgitlemek üçin goşmaça wagt berildi. Şol wagtyň dowamynda «Wolatyň» hüjümçisi Eduard Grinn toparynyň ikinji şaýbasyny hem geçirip, gazanylan ýeňşe sebäp boldy.
Bu ýeňiş «Wolata» halkara ýaryşda üçünji orun ugrundaky duşuşyga çykmaga mümkinçilik berdi. «Wolatyň» ertir geçiriljek bu duşuşykdaky garşydaşy Özbegistanyň «Feniks» topary bolar.