Soňky habarlar

Arhiw

Türkmen halkynyň Milli Lideri «KazanForum 2024» halkara ykdysady foruma gatnaşmagy meýilleşdirýär

09:0419.04.2024
0
5229

Türkmen halkynyň Milli Lideri Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow «Russiýa – Yslam dünýäsi: KazanForum 2024» halkara ykdysady foruma gatnaşmagy meýilleşdirýär. Bu barada «RIA Nowosti» Tatarystanyň Baştutany Rustam Minnihanowyň çäräniň guramaçylyk komitetiniň mejlisinde aýdan sözlerine salgylanyp, habar berdi.

«Ýokary derejeli daşary ýurtly myhmanlardan türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň, Gyrgyz Respublikasynyň we Täjigistanyň Premýer-ministrleriniň, Kuweýtiň hem-de Liwiýanyň Premýer-ministrleriniň orunbasarlarynyň, Katar Döwletiniň Şeýhler maşgalasynyň agzalarynyň, Malaýziýadan, Liwiýadan, Özbegistandan, Owganystandan, Palestinadan, Ugandadan ministrleriň gatnaşmagy meýilleşdirilýär» diýip, Rustam Minnihanow belledi.

Tatarystanyň paýtagtynda 2009-njy ýyldan bäri geçirilip gelinýän «Russiýa – Yslam dünýäsi: KazanForum 2024» halkara ykdysady forumy bu ýyl Tatarystanyň paýtagty Kazan şäherinde 14 – 19-njy maý aralygynda geçiriler.

Çeşmede bellenişine görä, aprel aýynyň başynda 80-den gowrak döwlet «KazanForum» halkara çäresine gatnaşjakdygyny tassyklady.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň