Soňky habarlar

Arhiw

Haýwanlary goraýjylar öküz uruşlaryny ýatyrmagy talap edýärler

15:0118.04.2024
0
10354
Haýwanlary goraýjylar öküz uruşlaryny ýatyrmagy talap edýärler
Surat: zemlya-chita.ru

Kolumbiýanyň paýtagty Bogotada korridanyň, ýagny öküz uruşlarynyň garşysyna çykyşlar boldy diýip, «24KZ» ýazýar. Haýwanlary goraýjylaryň onlarçasy öküz uruşlarynyň gadagan edilmegini talap edýärler.

Ýerli häkimiýetler ýurtda bu şüweleňleri doly gadagan etmek barada kanun taslamasyna garamagy söz berýärler. 2012-nji ýylda öküz uruşlar ýatyryldy, emma mundan bir ýyl öň olar ýene geçirildi.

Häzir öküz uruşlary 8 ýurtda, şol sanda Ispaniýada, Meksikada we Ekwadorda geçirilýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň