Soňky habarlar

Arhiw

Bişkekde Tokaý pudagynda hyzmatdaşlyk ara alnyp maslahatlaşylýar

13:1518.04.2024
0
9710
Bişkekde Tokaý pudagynda hyzmatdaşlyk ara alnyp maslahatlaşylýar
Surat: 24.kg

Bişkekde tokaý hojalygyny ösdürmek ara alnyp maslahatlaşylýar. Gyrgyz paýtagtynda Tokaý pudagynda hyzmatdaşlyk boýunça Aziýa guramasynyň 10-njy ýygnagy geçýär diýip, «MIR 24» ýazýar.

Oňa 14 ýurduň wekilleri gatnaşýarlar. Esasy meseleleriň biri agaçlaryň tohumlaryny saklamak üçin häzirkizaman saklawhana gurmak we fermerleri okatmak. Munuň üçin ýörite maksatnama işlenip düzülýär hem-de halkara maliýe edaralarynyň birinden tokaýlary giňeltmek üçin maliýe kömegini söz berýärler.

Bu barada Gyrgyz Respublikasynyň adatdan daşary ýagdaýlar boýunça ministriniň birinji orunbasary Azamat Mambetow gürrüň berdi.

«Biz Gyrgyzystana bag ekmek we tokaýlary gorap saklamak üçin koreý tehnologiýasyny teklip etmäge taýýar» diýip, ady agzalan guramanyň başlygy Ço Ho Pak aýtdy.

Maksatnama laýyklykda, öňdäki 30 ýylda 600 gektar ýerde tokaýlyklary döretmek göz öňünde tutulýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň