Arhiw

Aşgabatda Ýunus Emre institutynyň şahamçasyny açmak meýilleşdirilýär

16:2316.04.2024
0
17336

Türkiýe Aşgabatda Ýunus Emre institutynyň şahamçasyny açmagy meýilleşdirýär. Bu barada ilçi Ahmet Demirok Aşgabatda Türkiýe Respublikasynyň Syýahatçylyk hepdeliginiň tanyşdyrylyş dabarasynda aýtdy diýip, «Turkmenportal-yň» habarçysy belleýär.

Diplomat Türkiýäniň aýdym-sazlaryna, teleseriallaryna, filmlerine we umuman medeniýetine türkmen raýatlarynyň uly gyzyklanma bildirýändigini aýtdy.

«Ýakyn wagtda Ýunus Emre institutynyň Aşgabatda şahamçasynyň açylmagyny we doganlarymyzyň has köp medeni çärelere gatnaşmagyna mümkinçilik almagyny isleýäris» diýip, Ahmet Demirok aýtdy.

Mundan başga-da, ilçi Türkiýäniň Türkmenistan bilen medeni hyzmatdaşlygy ösdürmek işini güýçlendirmek isleýändigini belledi. Onuň sözlerine görä, Ankara iki ýurduň arasynda medeniýet we syýahatçylyk ugurlaryndaky hyzmatdaşlygy güýçlendirmek üçin degişli tagallalary dowam etdirer.

Aşgabatda Ýunus Emre institutynyň şahamçasynyň açylmagy Türkiýe bilen Türkmenistanyň arasyndaky medeni gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmekde möhüm ädim bolar, şeýle hem türkmen raýatlaryna Türkiýäniň medeniýeti, dili we däp-dessurlary bilen tanyşmak üçin has köp mümkinçilik döreder.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň