Soňky habarlar

Arhiw

«NG Kutahya» dükanynda dürli şekilli we reňkli keramogranit plitalary elýeterlidir

14:3615.04.2024
0
12005

«NG Kutahya» dükany pollar we diwarlar üçin uly göwrümli keramiki hem-de keramika granit plitalaryny hödürleýär. Bu hili plitalaryň ölçegleri 60x120 sm-den 160x320 sm aralygyndadyr. Bu bolsa gurşawy kiçi plitalara garanyňda has tiz abatlamaga mümkinçilik berýär.

Bu dükan plitalaryň nagyşlarynyň baý görnüşleri bilen haýran galdyrýar: dükanda tebigy daşa meňzedilip döredilen şekillerden başlap, mermer, granit, trawertin, şeýle hem islendik interýeri janlandyryp biljek häzirki zaman abstrakt nagyşlara çenli dürli görnüşli şekiller bar.

Nusgawy stili halaýanlar otagda ýa-da aşhanada amatly atmosferany döredýän agaç şekilli plitalary saýlap bilerler. Öýlerine kaşaňlyk äheňini goşmak isleýänler üçin bolsa «NG Kutahya» oniks ýa-da malahit şekilli plitalary hödürleýär.

Reňkleriň sazlaşykly görnüşleriniň saýlanyp alynmagy alyjylary haýran galdyrar. «NG Kutahya» ýumşak aýdyň öwüşginlerden goýy reňklere çenli älemgoşaryň ähli reňkleri şöhlelendirilen plitalary hödürleýär.

«NG Kutahya» dükany müşderilere şu salgyda garaşýar: Ahal welaýaty, Ak bugdaý etraby, Senagat zolagy, «NG Kutahya» binasy.

Habarlaşmak üçin telefon belgisi: 611 611. Sosial media ulgamyndaky sahypasy.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň