Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Prezident Serdar Berdimuhamedowa Türkmenistanyň 2025 — 2029-njy ýyllar üçin BMG-niň Durmuş ösüşi boýunça komissiýasynyň agzalygyna saýlanylmagy mynasybetli Gutlag iberdi.
"Türkmenistan" gazetinde çap edilen Gutlagynda Halk Maslahatynyň Başlygy şeýle ýazýar:
"Çuňňur hormatlanylýan Türkmenistanyň Prezidenti!
Sizi «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda Birleşen Milletler Guramasynyň Ykdysady we Durmuş geňeşiniň mejlisiniň dowamynda geçirilen saýlawlaryň netijesinde Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň 2025 — 2029-njy ýyllar üçin BMG-niň Durmuş ösüşi boýunça komissiýasynyň agzalygyna saýlanylmagy mynasybetli Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň adyndan tüýs ýürekden, mähirli gutlaýaryn. Siziň janyňyzyň sag, ömrüňiziň uzak bolmagyny, Garaşsyz Watanymyzyň halkara abraýyny has-da belende galdyrmaga gönükdirilen başlangyçlaryňyzyň hemişe rowaçlyklara beslenmegini arzuw edýärin.
Hormatly Prezidentimiz!
Birleşen Milletler Guramasy hem-de onuň edaralary bilen köpugurly hyzmatdaşlyk Türkmenistanyň daşary syýasatynyň strategik ugry bolup, onuň esasyny oňyn Bitaraplyk we giň halkara hyzmatdaşlyk ýörelgeleri düzýär. Bu hyzmatdaşlyk özara gatnaşyklaryň baý tejribesine daýanyp, häzirki döwürde täze anyk many-mazmun bilen baýlaşdyrylýar. Türkmenistanyň BMG-niň Ykdysady we Durmuş geňeşiniň Durmuş ösüşi komissiýasynyň agzalygyna nobatdaky gezek saýlanylmagy häzirki döwrüň möhüm wezipeleriniň deňeçer çözgüdini işläp taýýarlamakda, sebit hem-de ählumumy derejede parahatçylygyň, howpsuzlygyň, durnukly ösüşiň üpjün edilmegine gönükdirilen umumy tagallalary utgaşdyrmakda möhüm orun eýeleýän ýurdumyzyň ýokary halkara abraýa eýe bolýandygyny görkezýär.
Belent mertebeli Prezidentimiz!
Siziň tagallaňyz bilen durmuş ulgamyny ösdürmek Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň wajyp ugry bolup durýar. Ýurdumyzyň bar bolan ägirt uly mümkinçiliklerini durmuşa geçirmek ykdysady we durmuş ugurlarynyň durnukly ösüşi bilen berk baglanyşyklydyr. Milli ykdysadyýetimizde özgertmeleri amala aşyrmak, sanlylaşdyrmak, ýokary tehnologiýaly binýady berkitmek, senagat pudagyna ägirt uly maýa goýum serişdelerini gönükdirmek halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmak boýunça wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmegi bilen utgaşyklylykda alnyp barylýar. Siziň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen ýörelgäňiz bagtyýarlygyň, berkararlygyň mukamy bolup belentden ýaňlanýar. Adam bähbitlerini, olaryň erk-isleglerini kanagatlandyrmagy maksat edinen döwletde diňe gülläp ösüşiň, öňegidişligiň üpjün edilýändigini durmuş hakykaty aýdyň görkezýär.
Hormatly Arkadagly Gahryman Serdarymyz!
Siziň döwleti we jemgyýeti hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösdürmek ugrunda alyp barýan syýasatyňyz ähli sebitleri gurşap alýan, ilatyň abadan durmuşda ýaşamagynyň bähbidine üstünlikli durmuşa geçirilýän maksatnamalaýyn resminamalarda öz beýanyny tapýar. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda Siziň tassyklan «Türkmenistany 2024-nji ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasy» halkyň hal-ýagdaýyny gowulandyrmak, ýurdumyzyň ykdysadyýetini ösdürmek boýunça giň möçberli taslamalary amala aşyrmakda uly ähmiýete eýedir.
Diýarymyzda raýatlaryň hukuklarynyň, kanuny bähbitleriniň, durmuş goraglylygynyň üpjün edilmegine uly üns berlip, köp çagaly maşgalalara goldaw bermek boýunça alnyp barylýan işler yzygiderli dowam etdirilýär. Zähmet haklarynyň, pensiýalaryň, döwlet kömek pullarynyň, talyp we diňleýji haklarynyň möçberiniň yzygiderli ýokarlandyrylmagy, telekeçiligiň ösdürilmegi, iş orunlarynyň döredilmegi ýurdumyzda durmuş meselelerini çözmek babatda berk maddy binýadyň döredilendigini görkezýär.
Sarpasy belent Prezidentimiz!
Bitarap Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasy we onuň düzüm birlikleri bilen ikitaraplaýyn hem köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy üstünlikli ösdürýär. Ýurdumyzyň BMG-niň Ykdysady we Durmuş geňeşiniň Durmuş ösüşi boýunça komissiýasynyň hem-de beýleki düzümleriniň agzalygyna saýlanylmagy halkyň abadançylygyny ýokarlandyrmaga, häzirki döwrüň öňde goýýan wezipelerini çözmekde geçirilýän çäreleriň hilini we netijeliligini artdyrmaga gönükdirilen maslahatlary işläp taýýarlamaga ýardam berer, ata Watanymyzyň daşary syýasy abraýyny has-da beýgelder.
Hormatly Prezidentimiz!
Sizi ýurdumyzyň 2025 — 2029-njy ýyllar üçin Birleşen Milletler Guramasynyň Ykdysady we Durmuş geňeşiniň Durmuş ösüşi boýunça komissiýasynyň agzalygyna saýlanylmagy mynasybetli Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň adyndan ýene-de bir gezek tüýs ýürekden, mähirli gutlaýaryn. Siziň janyňyz sag, ömrüňiz uzak, il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli tagallalaryňyz mundan beýläk-de rowaç bolsun!".