Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli guraljak çäreleriň çäklerinde, şu ýylyň 18-nji maýynda Aşgabatda «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly halkara ylmy maslahat geçiriler. Oňa Türkmenistanyň alymlary, professor-mugallymlary we ýaş alymlary bilen birlikde, Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň (ÝUNESKO) hem-de Türki medeniýetiň halkara guramasynyň (TÜRKSOÝ) wekilleriniň, şeýle hem dünýäniň 34 döwletinden alymlaryň, magtymgulyşynaslaryň gatnaşmaklaryna garaşylýar.
"Watan" habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, şu gün sanly ulgam arkaly geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýer N.Amannepesow bu halkara ylmy maslahata görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi.
Hasabatda bellenilişi ýaly, Prezident Serdar Berdimuhamedowyň umumadamzat bähbitli başlangyçlaryny hem-de Magtymguly Pyragynyň giň döredijilik dünýäsini halkara giňişlige ýetirmek maksady bilen, häzirki wagtda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar instituty tarapyndan "Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy" atly halkara ylmy maslahaty geçirmek boýunça taýýarlyk işleri guramaçylykly alnyp barylýar.
Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli, Türkmenistanda we daşary ýurtlarda beýik akyldaryň edebi mirasyna bagyşlanan çäreleriň üstünlikli geçirilýändigini, bu ugurda halkara hyzmatdaşlygyň işjeň ösdürilýändigini belledi.
Döwlet Baştutany wise-premýere şu ýylyň 18-nji maýynda Aşgabatda "Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy" atly halkara ylmy maslahatyň ýokary derejede geçirilmegini üpjün etmegi tabşyrdy.