Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

«Batly Gadam» HK: dünýä ülňülerine laýyk gelýän pagta ýüplügi we jorap önümçiligi

17:4711.04.2024
1
3558

Türkmenistanda pagta ýüplüginiň we jorap önümleriniň önümçiligini utgaşykly alyp barmakda öňdebaryjylaryň hatarynda giňden tanalýan «Batly Gadam» hususy kärhanasy önümçilik kuwwatyny hem-de hyzmatdaşlyk gerimini günsaýyn artdyrýar. Kärhana ýokary hilli önümleri bilen täze önümçilik ugurlaryny giňeltmek bilen sarp edijileri hem-de işewürlik hyzmatdaşlygyny açmaga isleg bildirýän taraplar üçin amatly teklipleri hödürleýär.

«Batly Gadam» HK-nyň önümçiligi iki ugurdan — pagta ýüplügi we jorap önümçiliginden ybarat. Kärhananyň çäginde ýüplük egriji, boýag, jorap öndürýän hem-de kadalaşdyryjy önümhanalar bar. Olarda öndürilýän önümler hil we howpsuzlyk, ekologik taýdan halkara standartlary bilen tassyklanyp, ýokary hilli we uzak möhlete hyzmat etmäge niýetlenendir.

Pagta ýüplüginiň önümçiligi ýerli çig malyň gaýtadan işlenilmegi netijesinde, ýokary hil derejesi bilen daşary ýurtlara uly mukdarda eksporty üpjün edýär. Kärhanada Şweýsariýanyň, Italiýanyň we Ýaponiýanyň — «Rieter», «Muratec», «Xorella», «Zancaner», «Temsan», «Imbat», «Uster», «Loepfe», «Sait Izmit», «Bräcker» we «Graf» ýaly kompaniýalarynyň öňdebaryjy tehnologiýalary peýdalanylyp, ýylda 7000 tonna dürli öwrümli pagta ýüplügi öndürilýär. Kärhanada öndürilen pagta ýüplüginiň 90 göterimi daşary ýurda eksport edilip, diňe 10%-i kärhananyň özünde jorap öndürmek üçin ulanylýar.

Kärhana Germaniýanyň «Thies», «SWF Krantecnik» hem-de Türkiýäniň «Ekosistem», «Pentiz» kompaniýalarynyň enjamlaryny ulanmak bilen, öndürilýän ýüplükleriň ýylda 2000 tonnasyny dürli reňklere boýamaga ukyplydyr. Ýeri gelende bellesek, boýag işlerinde Ýewropadan import edilýän, adam organizmi üçin zyýansyz bolan ýokary hilli reňkler ulanylýar.

«Batly Gadam» HK-nyň jorap önümleri hem türkmen bazarynda giň meşhurlyga eýe boldy. Kärhananyň erkekler we zenanlar üçin niýetlenen dürli hili joraplarynyň ýyllyk önümçilik kuwwaty 20 000 000 jübüte barabardyr. Bu önümler 288 sany dünýä belli «Lonati», «Dakong», «JIAZHILI», «03D» ýaly enjamlar arkaly öndürilýär. Joraplaryň esasy aýratynlygy olaryň çig malynyň 80%-niň kärhanada öndürilýän we boýalýan pagta ýüplüginden bolmagydyr. Goşmaça ulanylýan elastan, spandeks, neýlon we beýleki çig mallar bolsa Türkiýeden import edilýär.

Joraplar taýýar edilenden soň, kadalaşdyryjy bölüme iberilip, «Tolon» enjamy arkaly ýuwulýar we guradylýar, «Technopea» enjamy arkaly kadalaşdyrylýar. Mundan soň bolsa joraplar görnüşleri boýunça aýrybaşgalaşdyrylyp, olara haryt nyşanlary tikilýär, soň taýýar önüm görnüşinde gaplanýar. Kärhananyň önümhanalarynyň çyglylygynyň ýörite howalandyrma ulgamlary arkaly sazlanylmagy önümçiligiň adam saglygyna zyýansyz bolmagyny üpjün edýär.

«Batly Gadam» HK hyzmatdaş taraplar üçin şu hili hyzmatlar toplumyny hödürleýär:

- Müşderileriň ýüztutmalaryny islendik görnüşde kabul etmek (telefon, faks, elektron poçta we ş.m);
- Hasaby tölege geçirmek bilen, ýüztutmalary dessine gaýtadan işlemek (1-2 günüň dowamynda);
- Harydy müşderä demir ýol we awtoulag arkaly eltip bermek (ýol tölegi sargyt ediji tarapyndan üpjün edilýär);
- Resminamalaryň müşderä iberilmegi esasynda 3 gün möhlet bilen harytlara berk gözegçilik etmek (harydyň sanyna we bahasyna görä);
- Haryt boýunça resminamalaryň bitewi toplumynyň üpjün edilmegi.

Häzirki wagtda önümler Azerbaýjan, Türkiýe, Gazagystan, Russiýa ýaly ýurtlara yzygiderli eksport edilip, içerki we daşarky bazarda hyzmatdaşlygyň täze ugurlary barha artdyrylýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň