Aşgabatda geçiriljek halkara hokkeý ýaryşynyň duşuşyklarynyň tertibi belli boldy

12:5410.04.2024
0
8320

15 ― 20-nji aprel aralygynda Aşgabat şäherinde geçiriljek halkara hokkeý ýaryşynyň duşuşyklarynyň tertibi belli boldy.

Halkara ýaryşyň duşuşyklaryna 15-nji aprelde badalga berler. Eýýäm şol gün sagat 10:00-da başlanjak «Feniks» ― «Oman Khanjars» duşuşygy bilen halkara ýaryşa badalga bermek meýilleşdirilýär.

Ýaryşda her gün sekiz duşuşyk geçiriler. Bu bolsa her gün her toparçada bir wekiliň dynç aljakdygyny görkezýär. Duşuşyklaryň ählisi Aşgabatdaky Gyşky oýunlar sport toplumynda geçiriler. Toplumyň uly buz meýdançasynda «A», kiçi buz meýdançasynda bolsa «B» toparçanyň duşuşyklaryny geçirmek meýilleşdirilýär.

Aşgabadyň «Galkan» hokkeý topary ilkinji duşuşygyny 15-nji aprelde geçiriljek açylyş dabarasyndan soň «Bahreýn» topary bilen geçirer. «A» toparçada ýaryşjak ildeşlerimiziň 16-njy apreldäki garşydaşy «Oman Khanjars» bolar. 17-nji aprelde «Ice Box», 18-nji aprelde «Feniks» bilen güýç synanyşjak «Galkan» 19-njy aprel güni dynç alar. Topar öz toparçasynda birinji ýa ikinji orny eýeläp bilse, 20-nji aprel güni geçiriljek aýgytlaýjy duşuşyklara gatnaşmaga hukuk gazanar. Şol gün toplumyň uly buz meýdançasynda iki toparçada hem ikinji orny eýelän wekilleriň arasynda umumy ýaryşyň üçünji orny, toparçalaryň birinjileriniň arasynda bolsa halkara ýaryşyň çempionlygy ugrunda duşuşyklar geçiriler. Mahlasy, hokkeý janköýerleri halkara ýaryşyň dowamynda 22 duşuşyga tomaşa edip bilerler.

15.04.2024ý - I tapgyr

“A” topar

10:00

“Feniks” (Özbegistan Respublikasy) - “Oman Khanjars” (Oman Soltanlygy)

13:00

Hokkeý boýunça halkara ýaryşynyň açylyş dabarasy

14:00

“Galkan” (Türkmenistan) – “Bahreýn” (Bahreýn Patyşalygy)

“B” topar

10:00

“Akmola” (Gazagystan Respublikasy) – “Gümüş Patenler SK” Türkiýe Respublikasy

14:00

“Dordoý” (Gyrgyz Respublikasy) – “Orhis-Kazan” (Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasy)

16.04.2024ý – II tapgyr

“A” topar

10:00

“Galkan” (Türkmenistan) – “Oman Khanjars” (Oman Soltanlygy)

13:00

“Bahreýn” (Bahreýn Patyşalygy) - “Ice Box” (Eýran Yslam Respublikasy)

“B” topar

10:00

“Wolat” (Belarus Respublikasy) – “Gümüş Patenler SK” Türkiýe Respublikasy

13:00

“Akmola” (Gazagystan Respublikasy) – “Dordoý” (Gyrgyz Respublikasy)

17.04.2024ý – III tapgyr

“A” topar

10:00

“Galkan” (Türkmenistan) – “Ice Box” (Eýran Yslam Respublikasy)

13:00

“Feniks” (Özbegistan Respublikasy) – “Bahreýn” (Bahreýn Patyşalygy)

“B” topar

10:00

“Wolat” (Belarus Respublikasy) – “Akmola” (Gazagystan Respublikasy)

13:00

“Orhis-Kazan” (Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasy) –

“Gümüş Patenler SK” Türkiýe Respublikasy

18.04.2024ý – IV tapgyr

A” topar

10:00

“Galkan” (Türkmenistan) – “Feniks” (Özbegistan Respublikasy)

13:00

“Oman Khanjars” (Oman Soltanlygy) – “Ice Box” (Eýran Yslam Respublikasy)

B” topar

10:00

“Wolat” (Belarus Respublikasy) –

“Orhis-Kazan” (Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasy

13:00

“Gümüş Patenler SK” Türkiýe Respublikasy –

“Dordoý” (Gyrgyz Respublikasy)

19.04.2024ý – V tapgyr

“A” topar

10:00

“Ice Box” (Eýran Yslam Respublikasy) - “Feniks” (Özbegistan Respublikasy)

13:00

“Oman Khanjars” (Oman Soltanlygy) – “Bahreýn” (Bahreýn Patyşalygy)

“B” topar

10:00

“Dordoý” (Gyrgyz Respublikasy) – “Wolat” (Belarus Respublikasy)

13:00

“Orhis-Kazan” (Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasy) -

“Akmola” (Gazagystan Respublikasy)

20.04.2024ý - JEMLEÝJI TAPGYR:

Gyşky oýunlar sport toplumynyň uly buz meýdançasy

12:00

3-nji orun üçin

“A” TOPARDA - “B” TOPARDA 2-nji orun eýelän toparlar

15:00

Final

“A” TOPARYŇ ÝEŇIJISI - “B” TOPARYŇ ÝEŇIJISI

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň