Milliarder we telekeçi Ilon Mask siwilizasiýanyň näçe ýaşajakdygy barada öz çaklamalaryny paýlaşdy diýip, «Izwestiýa» habar berýär.
«Siwilizasiýa häzirki tehnologiýa derejesini Mars planetasy ýaşamak üçin amatly bolýança saklamalydyr, muňa bolsa öňdäki 20 ýylda ýetip bolar. Eger planetalary özleşdirmesek, soňra ýyldyzlara aralaşmasak, biziň planetamyz bary-ýogy birnäçe ýüz ýyl ýaşap biler» diýip, milliarder nygtady.