Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Hytaýda howa şarlaryndan Beýik Hytaý diwaryny ýasadylar

09:3602.04.2024
0
9018

Howa şarlaryndan ýasalan Beýik Hytaý diwarynyň äpet heýkeli bilen ýurduň Guançžou ülkesindäki Kanton diňinde tanyşdyrdylar. Ol şarlardan edilen iň beýik heýkel hökmünde Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi diýip, «MIR 24» habar berýär.

Ýel berlen diwaryň uzynlygy 39 metr, onuň üç sany gözegçilik diňi hem-de iki geçelgesi bar. Bina üçin 100 müň şar gerek boldy, üç günüň dowamynda 20 ussa işledi.

Geçen gyşda hytaý Täze ýylynyň baýramyna gabatlanyp, Gonkongdaky söwda merkezinde 38 müň howa şaryndan ýasalan boýy 40 metrlik aždarhanyň heýkelini goýdular.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň