Her ýyl dünýäde bir milliard adamlyk azyk zibile atylýar, şol bir wagtda 783 million adam açlykdan ejir çekýär. Bu barada Birleşen Milletler Guramasynyň Daşky gurşaw boýunça Maksatnamasynyň (UNEP) täze nutugynda aýdylýar. Bu barada «Ren.tv» ýazýar.
Taşlanan iýmitleriň 60 göterimi şahsy taraplara degişli. Jemgyýetçilik azyk kärhanalary iki esse az – umumy möçberden 28 göterim iýmiti zibilhana taşlaýarlar. 12 göterimi bolsa, azyk dükanlaryna degişlidir diýlip, habarda bellenýär.
Hünärmenler iýmit galyndylarynyň taşlanýan möçberleriniň diňe haýyr-sahawat däl-de, eýsem, ekologiýa kynçylyklaryny döredýändigini aýdýarlar. Sebäbi olar çüýrände, metan gazy emele gelýär, ol bolsa daşky gurşaw, howa üçin zyýanlydyr.
Azyk galyndylaryny zyňmakda öňdebaryjy ýurtlar, esasan, yssy howa şertli sebitlerde ýerleşýär. Sebäbi ol ýurtlarda azyk harytlaryny daşamakda we saklamakda howa sebäpli kynçylyk köp, azyk tiz zaýalanýar.
Iýmit galyndylaryny şäherliler bilen deňeşdirilende, obalaryň ýaşaýjylary köp zyňýarlar.