Aşgabatda halkara metbugat maslahaty geçirildi

05:1529.03.2024
0
9997

Aşgabadyň «Ýyldyz» myhmanhanasynda Änew şäheriniň 2024-nji ýylda «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi we Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli, «Türkmen topragy – gadymy medeniýetleriň merkezi» atly halkara metbugat maslahaty geçirildi.

Halkara metbugat maslahatyna Türkmenistanyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň, Beýik Britaniýanyň, Wengriýanyň, Moldawiýanyň Gagauziýa awtonom çäk düzüminiň, Gruziýanyň, Yragyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Makedoniýanyň, Russiýanyň, Türkiýäniň we Özbegistanyň öňdebaryjy habarlar agentlikleriniň, teleradio kompaniýalarynyň, kino birleşikleriniň, internet portallarynyň, gazetleriniň we žurnallarynyň, şeýle hem Türki medeniýetiň halkara guramasynyň (TÜRKSOÝ), Ýewropa ýurtlarynyň teleradioýaýlymlar birleşiginiň (EBU), Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň radio we telewideniýe birleşiginiň, Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza ýurtlaryň Habarlar agentlikleriniň birleşiginiň (UNA) ýolbaşçylary gatnaşdylar. Myhmanlaryň hatarynda Kanadanyň "HEC Montreal" we Bahçeşehir uniwersitetleriniň (Türkiýe) mugallymlary-da bar.

Forum Türkmenistanda durmuşa geçirilýän özgertmeleri, gazanylýan üstünlikleri dünýäde has işjeň we dessin wagyz etmek boýunça milli köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň öňünde durýan wezipeleri çözmekde hem-de dünýäniň öňdebaryjy tejribelerini öwrenmekde, ýaýlym, çap we elektron metbugat ulgamlarynyň täze görnüşlerini işläp düzmekde aýratyn ähmiýete eýedir.

"Watan" habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, forumda edilen çykyşlarda metbugat maslahatynyň Türki medeniýetiň halkara guramasy (TÜRKSOÝ) tarapyndan Änew şäheriniň 2024-nji ýylda "Türki dünýäsiniň medeni paýtagty" diýlip yglan edilmegi mynasybetli geçirilýän çäreler bilen utgaşmagynyň, şeýle hem Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň giňden bellenilýän ýylynda guralmagynyň aýratyn ähmiýete eýedigine üns çekildi. Bu halkara metbugat maslahaty şu ýylyň 21-nji martynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynyň 63-nji plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen "2025-nji ýyl – Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly" atly Kararnamanyň kabul edilmegine-de gabat geldi. Şeýle hem çykyşlarda bu halkara çäräniň öňüsyrasynda Prezident Serdar Berdimuhamedowyň türkmen halkynyň şöhratly taryhynyň we baý medeni mirasynyň giňden wagyz edilmeginde uly ähmiýete eýe bolan «Änew – müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly kitabynyň neşir edilmeginiň möhüm ähmiýetli waka bolandygy bellenildi.
Forumyň dowamynda myhmanlara Türkmenistanyň taryhy we milli gymmatlyklary barada wideoşekiller görkezildi.

Daşary ýurtly myhmanlar, şol sanda TÜRKSOÝ-yň Baş sekretary Sultan Raýew, Russiýanyň «ITAR TASS» habarlar agentliginiň Baş direktorynyň birinji orunbasary Mihail Gusman, şeýle hem iri media gulluklarynyň wekilleri bu forumyň möhüm wakadygyny, häzirki wagtda halkara maglumatlar giňişliginde mynasyp orun eýeleýän Türkmenistan üçin möhümdigini bellediler.
Çykyş edenleriň umumy pikirine görä, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleriniň şu gezekki duşuşygy bu ulgamda ugurdaş düzümleriň arasynda tejribe alyşmak we uzak möhletleýin halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin netijeli meýdança boldy.

Maslahata gatnaşyjy wekiller Türkmenistanyň gadymy medeniýetleriň merkezidigini bellemek bilen, bu çäräniň türkmen halkynyň taryhyna, gadymy däp-dessurlaryna uly hormat goýulýandygynyň güwäsidigini nygtadylar.
Forumyň işi “Türki medeniýetleriň birligi we onuň metbugatda tutýan orny”, “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy”, “Sanly media we habarlar” hem-de “Filmler, animasiýalar we kinofestiwallar” atly bölümçelerde dowam etdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň