Aşgabatda syýahatçylyk boýunça forumyň çäklerinde iş duşuşyklary geçirildi we degişli resminamalara gol çekildi

17:3928.03.2024
0
11693

Ozal habar berşimiz ýaly, Aşgabadyň “Ýyldyz” myhmanhanasynda “Türkmenistanda syýahatçylygy ösdürmegiň esasy ugurlary we mümkinçilikleri” atly halkara maslahat geçirildi. Bu foruma halkara guramalaryň wekilleri, Türkmenistanyň we daşary ýurtlaryň bu ugurda ýöriteleşen kompaniýalarynyň, şol sanda Türkiýäniň, Gruziýanyň, Özbegistanyň, Azerbaýjanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Hytaýyň, Germaniýanyň, Ýaponiýanyň, Şwesiýanyň, Koreýa Respublikasynyň, Şri-Lankanyň ugurdaş düzümleriniň ýolbaşçylarydyr wekilleri gatnaşdylar.

Maslahata gatnaşyjylar syýahatçylyk infrastrukturasyny yzygiderli ösdürmek we kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan giň gerimli özgertmeleriň oňyn netijeleri berýändigini bellediler.

Forumda çykyş edenler bu ugurda uzak möhletleýin hyzmatdaşlygyň geljegine ünsi jemläp, häzirki wagtda ulgamyň ösmegi üçin döredilen ähli şertleri göz öňünde tutup, Türkmenistanyň daşary ýurtlarda syýahatçylyk mümkinçiliklerini ilerletmegiň zerurdygyny bellediler. Şeýle hem syýahatçylyk önümleriniň ähli görnüşini öz içine aljak “Bir syýahatçylyk — tutuş sebit” atly bilelikdäki maksatnamanyň iş ýüzünde durmuşa geçirilmegi barada pikir alşyldy.

TDH-nyň habar berşi ýaly, forumyň çäklerinde iş duşuşyklary geçirildi we degişli resminamalara gol çekildi, täze gatnaşyklar ýola goýlup, hyzmatdaşlygyň geljekki ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy. Halkara maslahatyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar Prezident Serdar Berdimuhamedowyň adyna Ýüzlenme kabul etdiler.

Forumyň çäklerinde Türkmen döwlet medeniýet institutynda ylmy-amaly maslahat geçirildi. Onda daşary ýurtly myhmanlar hem-de bu ýokary okuw mekdebiniň mugallymlarydyr talyplary syýahatçylyk pudagyny ösdürmegiň mümkinçilikleri barada pikir alyşdylar.

Medeni maksatnamanyň çäklerinde, myhmanlar üçin Arkadag şäherine, “Nusaý” döwlet taryhy-medeni goraghanasyna, Aşgabat şäheriniň gözel ýerlerine gezelençler guraldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň