TOPH taslamasynyň durmuşa geçirilişi maslahatlaşyldy

10:2627.03.2024
0
11599

TDIM-iň habar bermegine görä, Türkmenistanyň Pakistandaky ilçisi Atajan Mowlamow Pakistanyň nebit ministri Musadik Malik bilen duşuşyk geçirdi.

Malik ýurtlaryň arasyndaky özara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagy dowam etdirmek isleýändigini aýtdy. Şeýle hem ol TOPH (Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan) taslamanyň Pakistan üçin möhüm taslamalardan biridigini belläp, bu gaz geçirijisiniň gurluşyk meseleleri barada durup geçdi.

Duşuşygyň dowamynda ministr bu möhüm taslamany durmuşa geçirmegiň depginini ýokarlandyrmaga ygrarlydygyny nygtady.

Ýeri gelende, Musadik Malikiň ýolbaşçylygynda Yslamabatda TOPH taslamasynyň ýokary derejede ösüşlere eýe bolandygyny hem bellemelidiris.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň