Türkmenistan Ýaş parlamentarileriň forumyna gatnaşdy

22:0526.03.2024
0
9464
 Türkmenistan Ýaş parlamentarileriň forumyna gatnaşdy
Surat: mejlis.gov.tm

Şweýsariýa Konfederasiýasynyň Ženewa şäherine iş saparyň çäklerinde Türkmenistanyň wekiliýetiniň agzasy 24-nji martda geçirilen Ýaş parlamentarileriň forumyna gatnaşdy. Ol forumda Türkmenistanda ýaşlar syýasaty çygrynda alnyp barylýan işler, türkmen ýaşlaryny sebit we halkara meseleleriň çözgütlerini işläp taýýarlamaga, Durnukly ösüş maksatlaryny durmuşa geçirmäge işjeň çekmek üçin döredilýän şertler, şeýle hem «Türkmenistanyň ýaşlarynyň halkara hyzmatdaşlygynyň 2023 – 2030-njy ýyllar üçin strategiýasy» bilen tanyşdyryldy. Bu barada Türkmenistanyň Mejlisi habar berýär.

Bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň Prezidentiniň baştutanlygynda ýaşlaryň hukuklaryny, azatlyklaryny goramak, durmuş goraglylygyny üpjün etmek we döwlet tarapyndan goldaw bermek boýunça geçirilýän giň möçberli işler, kabul edilen döwlet maksatnamalaryna laýyklykda, ýaşlar we ýaş maşgalalar üçin durmuş ýeňillikleri döredilýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň