Türkiýede otelleriň ýarysyndan gowragyny ýapyp bilerler diýip, «24KZ» ýazýar. Munuň sebäpleriniň biri myhmanhanalaryň banklaryň öňündäki iri bergileridir. Pandemiýadan bäri bergileriň umumy möçberi 10 milliard dollara golaýlady. Myhmanhanalaryň 75 göterimi maliýe edaralarynda girewde durýar. Maliýe edaralary myhmanhana eýelerinden bergileri üzlüşmek üçin emläkleri satmagy talap edýärler.
Galyberse-de, hünärmenleriň sözlerine görä, otellerde jahankeşdeleriň uly akymyny ýerleşdirmek üçin ýer ýetmeýär. Geçen ýyl ýurda 57 müň töweregi adam syýahata bardy.

