2024-nji ýylyň 16-njy martynda Türkmenistanyň Eýran Yslam Respublikasyndaky ilçihanasynyň we Ykdysady hyzmatdaşlyk guramasynyň (EKO) Medeniýet institutynyň guramagynda, bu guramanyň binasynda beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli medeni sergi geçirildi.
Bu çärä EKO-nyň Medeniýet institutynyň Prezidenti jenap Saad Khan, Eýranyň Medeni eserler we ýadygärlikler birleşiginiň wise-prezidenti doktor Alireza Habibi, «AVA» halkara diplomatik žurnalynyň Tährandaky wekilhanasynyň müdiri Mohammadreza Nazari, Eýrandaky Türkmen medeniýet öýüniň müdiri Ali Rähbär, Eýran Yslam Respublikasynyň Daşary işler hem-de Medeniýet we yslam gollanmasy ministrliginiň wekilleri, şeýle hem ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlary gatnaşdylar.
Çäräniň açylyş dabarasynda EKO-nyň Medeniýet institutynyň Prezidenti jenap Saad Khan hem-de ilçihananyň birinji sekretar-konsuly A.Baýramow çykyş edip, olar 2024-nji ýyl Türkmenistanda «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýip yglan edilendigi we şunuň bilen baglylykda ýurtda hem-de daşary ýurtlarda beýik türkmen şahyrynyň hem-de akyldarynyň
300 ýyllygyna bagyşlanan dürli medeni çäreleriň, baý edebi mirasyna bagyşlanan sergileriň geçirilýändigini nygtap geçdiler.
Şeýle-de medeni çäräniň dowamynda gatnaşyjylar tarapyndan türkmeniň beýik şahyry Magtymguly Pyragynyň goşgulary okalyp, akyldaryň gelip çykyşy hem-de döredijiligi barada nygtalyp geçildi.
Çäräniň dowamynda oňa gatnaşyjylar tarapyndan türkmen halkynyň milli sepgitlerine we gadymy baý mirasyna uly gyzyklanma döräp, olar ýurduň medeniýeti bilen içgin tanyşdylar.