Top.Mail.Ru

Türkmenistanyň milli ykdysadyýetiniň hususy pudagynyň sergisinde importyň ornuny tutýan önümleriň köp görnüşi görkezildi

11:4218.03.2024
0
15440

Ozal habar berşimiz ýaly, 17-nji martda Söwda-senagat edarasynyň sergiler merkezinde milli ykdysadyýetiň hususy pudagynyň gazananlaryny we mümkinçiliklerini açyp görkezýän üç günlük giň gerimli sergi açyldy. Däp bolşy ýaly, sergide Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň obasenagat toplumy, azyk we gaýtadan işleýän senagat ulgamlarynda ýöriteleşen agzalarynyň işine giň orun berildi.

Bu ugruň kärhanalary döwletimiziň azyk garaşsyzlygynyň pugtalandyrylmagyna uly goşant goşýarlar. Häzirki wagtda telekeçiler et we süýt önümleriniň, çaga iýmitiniň, miwe, gök-bakja önümleriniň, şireleriň, maýoneziň, doňdurmanyň, konserwirlenen balyk önümleriniň, süýji-kökeleriň giň görnüşlerini öndürýärler. Oba hojalyk önümlerini öndürijiler bakja, gök we miwe, şol sanda ýurt üçin mahsus bolmadyk önümleriň öndürilişini hem artdyrýarlar.

Sergide “Akdaş miwe içgileri”, “Arçalyk”, “Berk Akar” hususy kärhanalarynyň öndürýän alkogolsyz içgileriniň we arassa agyz suwunyň, “Miweli oba” hojalyk jemgyýetiniň “Saba”, “Ak ýaprak” hojalyk jemgyýetiniň “7 gün”, “Parahat” hususy kärhanasynyň “Joş”, “Eçil” haryt nyşanly şireli içgileriniň, “MFT” haryt nyşanly ekologik taýdan arassa gök we miwe önümlerinden taýýarlanan şireli içgileriň, nektarlaryň dürli görnüşleri görkezilýär. “Ajaýyp ussat halal önümleri” hojalyk jemgyýeti, “Sahabatly” maldarçylyk toplumy, “Maksada okgunly” hususy kärhanasy maldarçylyk pudagynda alyp barýan seçgiçilik işleriniň netijelerini görkezýärler.

“Simmental”, “golşteýn” we “angus” tohumly göleler Türkmenistanyň howa şertlerine uýgunlaşdyrylan sygyrlaryň et-süýt berýän täze görnüşiniň kemala getirilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr. Sülgünler, düýeguş ösdürip ýetişdirýän hususy fermanyň afrika düýeguşlary we bedene saklanýan ýörite bölüminiň ýany hem köp adamly boldy. Dürli balyk önümlerini öndürmekde gazanylan üstünlikleri şöhlelendirýän diwarlyklar uly gyzyklanma döredýär.

Ýurduň aýry-aýry sebitleriniň kiçi we orta telekeçiliginiň wekilleri balyklary ýetişdirmek bilen meşgullanýarlar. «Hazar balyk» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň, «Kenar» haryt nyşanly we beýleki hojalyk jemgyýetleriniň diwarlyklary aýratyn ünsi çekýär.

Sergide telekeçiler, halk ussatlary, ýaş dizaýnerler tarapyndan ýüpekden we ýüňden taýýarlanylan owadan gölli ajaýyp halylar, tebigatyň täsin görnüşleri şekillendirilen elde dokalan bezeg palaslary, häzirki zaman haly, bezeg we keşdeçilik önümleri, matalar, şaý-sepler, keramiki önümler, sowgatlyk harytlar görkezilýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň