Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanda Russiýanyň medeniýet günleri geçiriler

22:3217.03.2024
0
6451

Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky ilçisi Esen Aýdogdyýew bilen Russiýa Federasiýasynyň Medeniýet ministriniň orunbasary Andreý Malyşewiň arasynda iş duşuşygy geçirildi.

Duşuşykda taraplar iki ýurduň arasyndaky medeniýet pudagyndaky gatnaşyklaryň häzirki derejesini we geljekdäki ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar-diýip, Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky ilçihanasy habar berýär.

Taraplar soňky ýyllarda türkmen-rus hyzmatdaşlygynyň, hususan-da medeni we ynsanperwer ugurlarynda oňyn netijeleriň gazanylýandygyny mälim etdiler.

Medeniýet ministriniň orunbasary Malyşewiň bellemegine görä, iki ýurduň arasyndaky medeni we ynsanperwer ugurly gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek maksady bilen, türkmen tarapynyň çakylygy boýunça Russiýa Federasiýasynyň Medeniýet ministri O.Lýubimowa meşhur türkmen şahyry Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy mynasybetli 17-18-nji maýda Aşgabatda geçiriljek Medeniýet ministrleriniň halkara maslahatyna gatnaşar.

Duşuşygyň dowamynda Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky ilçisi şu ýylda geçirilmegi meýilleşdirilýän ikitaraplaýyn türkmen-rus gatnaşyklary bilen baglanyşykly çärelere ünsi çekdi. Şeýle hem 2024-nji ýylyň oktýabr aýynda Türkmenistanda Russiýa Federasiýasynyň Medeniýet günlerini geçirmek, oňa sungat ussatlarynyň, tans toparlarynyň, kinematografçylaryň, kompozitorlaryň, suratkeşlerdir heýkeltaraşlaryň, kitaphana we muzeý hünärmenleriniň gatnaşmaklaryny üpjün etmek boýunça meselelere garaldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň