Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Lebap sement zawodyna degişli güwänama gowşuryldy

11:3314.03.2024
0
23630

Ozal habar berşimiz ýaly, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Lebap welaýatyna iş saparyny amala aşyryp, Köýtendag etrabynda ýylda 1 million tonna sement öndürmäge ukyply Lebap sement zawodynyň ikinji tapgyrynyň ulanmaga berilmegi mynasybetli dabara gatnaşdy.

Lebap sement zawodynyň ikinji tapgyrynyň gurluşyk taslamasynyň çäklerinde «Thyssenkrupp» kompaniýasy tarapyndan getirilen enjamlar we ýerine ýetirilen inženerçilik işleri halkara ölçeglere, has takygy, Germaniýanyň senagat standartlaryna — DIN ülňülerine, sement senagatynyň standartlary hem IEC we ISO standartlaryna doly laýyk gelýär.

Şunuň bilen baglylykda, «Thyssenkrupp Polysius GmbH» kompaniýasynyň wekili Türkmenistanyň senagat we gurluşyk önümçiligi ministrine degişli güwänamany gowşurdy. Bu barada «Türkmenistan» gazetinde habar berildi.

Ýylda 1 million tonna sement öndürmäge niýetlenen täze zawodda dünýäniň öňdebaryjy önüm öndürijileriniň ýokary hil ölçeglerine laýyk gelýän enjamlary ornaşdyryldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň