Top.Mail.Ru

«Türkmendemirýollary» agentliginiň maddy-enjamlaýyn binýady pugtalandyrylýar

07:5408.03.2024
0
31873

"Türkmendemirýollary" agentliginiň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak boýunça degişli çäreler görülýär. "Watan" habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, bu barada 7-nji martda sanly ulgam arkaly geçirilen Hökümet mejlisinde Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýewiň gözegçilik edýän ulgamlaryndaky işleriň ýagdaýy barada döwlet Baştutanyna beren hasabatynda aýdyldy.

Hasabatda aýdylmagyna görä, "Demirýollary" açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti tarapyndan ýolagçy we ýük otlularynyň hereket howpsuzlygyny üpjün etmek maksady bilen, ýurduň demir ýollarynda döwrüň talaplaryna laýyklykda yzygiderli düýpli abatlaýyş işlerini geçirmek üçin zerur çäreler görülýär.

Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurtda demir ýol ulaglary pudagynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny yzygiderli pugtalandyrmaga möhüm ähmiýet berilýändigini belledi.

Döwlet Baştutany ýolagçy we ýük otlularynyň hereket howpsuzlygyny üpjün etmek üçin ýurduň demir ýollarynda düýpli abatlaýyş işlerini geçirmek boýunça degişli işleri alyp barmagyň wajypdygyny nygtap, bu babatda Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktoryna anyk tabşyryklary berdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň