Russiýada meşhur kolumbiýaly ýazyjy, Nobel baýragynyň eýesi Gabriel Garsiýa Markesiň dirikä çap edilmedik «Awgustda görşeris» atly soňky romany neşir edildi diýip, «Gazeta.ru» ýazýar.
Kitabyň neşiri ýazyjynyň doglan gününe gabatlandy, şu ýyl Markesiň 97 ýaşy dolmalydy. Kitap rus dilinde kagyz we elektron görnüşlerde çap edildi, onuň başlangyç tiražy 15 müň nusgalyk.
«Awgustda görşeris» belli bir dörejede ýazyjynyň «Pokownoge hiç kim hat ýazmaýar» atly romanynyň stilistikasyna dolanmakdyr, romanda ýaş zenanyň durmuşy, onuň ejesine, umuman, özüni gurşap alýan ähli zatlara gatnaşygy yzarlanýar.