Fransiýanyň «Coperni» brendi howadan ýasalan torba bilen tanyşdyrdy. Onuň wideosy kompaniýanyň internet sahypasynda çap edildi diýip, «Gazeta.ru» ýazýar.
Wideorolikde kompaniýanyň işgäri torba ýerleşdirilen gara çemodany açýar we ondan 99 göterimi howadan we diňe 1 göterimi aýnadan ýasalan «Air Swipe Bag» torbany çykarýar. Agramy 33 gram bolan torbany ýasamak üçin NASA kosmos edarasy tarapyndan ulanylýan, dünýäde iň ýeňil gaty jisim bolan kremnezem aerogeli ulanyldy.