Soňky habarlar

Arhiw

Tehasdaky tokaý ýangynlarynda müňlerçe haýwan heläk boldy

09:1505.03.2024
0
11373
Tehasdaky tokaý ýangynlarynda müňlerçe haýwan heläk boldy
Surat: mir24.tv

Amerikanyň Tehas ştatynda tokaý ýangynlary barha möwjeýär diýip, «24KZ» habar berýär. Ýangynlaryň başlanan wagtyndan bäri eýýäm bir hepdä golaý wagt geçdi, iki adam we müňlerçe tokaý haýwany pida boldy. Tokaýlaryň 440 müň gektary ýandy, 500 töweregi bina ýumruldy. Elektrik geçirijileriň 200 kilometrden gowragy hatardan çykdy.

Ýangynyň häzir 15 göterimini söndürmek başartdy. Emma güýçli şemaldyr yssy howa sebäpli ýangyny doly ýeňip bolanok. Ştatyň 60 okrugynda adatdan daşary ýagdaý yglan edildi, onlarça uçar ýangyny öçürmäge çekildi.

Tebigy heläkçiligiň sebäbi howanyň üýtgemegi we El-Nino hadysasy diýip, hünärmenler aýdýarlar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň