Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmen alymlary «Tokyo Boeki Eurasia» kompaniýasynyň çakylygy boýunça Ýaponiýada saparda bolýarlar

16:2003.03.2024
0
7423

Türkmen alymlarynyň wekiliýeti Türkmenistanyň himiýa we nebit-gaz senagatlarynyň gözleg institutlarynyň, uniwersitetleriniň, zawodlarynyň we kärhanalarynyň laboratoriýalarynda ýapon kompaniýalarynyň ýokary tehnologiýaly önümlerini ulanmak mümkinçiligini öwrenmek üçin Ýaponiýada saparda bolýar.

«Türkmenistan: Altyn asyr» neşiriniň habar bermegine görä, saparyň ýene bir maksady ylmy-tehniki gatnaşyklary ösdürmekden we bilelikdäki gözleg taslamalaryny durmuşa geçirmekden ybaratdyr.

Türkmen wekiliýetiniň düzüminden Ylymlar akademiýasynyň baş ylmy sekretarynyň wezipesini ýerine ýetiriji Çaryýar Amansähedow, Himiýa institutynyň direktory Hallymyrat Ataew we Tehnologiýalar merkeziniň direktorynyň orunbasary Jeren Aşyrmuhammedowa orun aldy. Bu sapar Türkmenistan Ylymlar akademiýasy bilen Ýaponiýanyň «Tokyo Boeki Eurasia» kompaniýasynyň arasynda baglaşylan ylmy-tehniki hyzmatdaşlyk şertnamasynyň çäginde guralýar.

Türkmen alymlary saparyň çäklerinde elektron mikroskoplaryň we beýleki ylmy gurallaryň, senagat enjamlarynyň hem-de lukmançylyk enjamlarynyň iň uly ýapon öndürijisi bolan «JEOL Ltd.» kompaniýasynyň önümleri bilen tanyşdylar.

Ýaponiýanyň Milli önümçilikde ylym we tehnologiýa institutyna eden sapary wagtynda Türkmenistandan gelen myhmanlara ýarymgeçirijileriň, mikro we nanoelektronika üçin ulanylýan «Minimal FAB» çipleriniň öndürilişi tanyşdyryldy.

Şeýle hem türkmen alymlary «Fuji Electronic Industrial Co., Ltd», «MicroSupport» we «TB Global Technologies Ltd.» ýaly kompaniýalaryň wekilleri bilen duşuşdylar.

«Tokyo Boeki Holdings Corp.» kompaniýasynyň prezidenti we wekillik ediji direkotry bilen bolan duşuşykda taraplar has giň gerimli hyzmatdaşlyga taýýardyklaryny mälim etdiler.

Türkmenistan Ylymlar akademiýasynyň baş ylmy sekretarynyň wezipesini ýerine ýetiriji Ç.Amansähedow, 2012-nji ýyldan bäri «Tokyo Boeki Eurasia» kompaniýasy bilen alnyp barylýan hyzmatdaşlyga ýokary baha berýändigini aýtdy. Hyzmatdaşlygyň çäginde TYA-nyň gözleg institutlarynyň barlaghanalary ýapon kompaniýalarynyň dünýä belli enjamlary bilen enjamlaşdyryldy.

Ýapon tarapy Tokio sapar bilen barmak baradaky çakylygy kabul edendigi üçin türkmen alymlaryna minnetdarlyk bildirdi. Çeşmäniň habar bermegine görä, «Tokyo Boeki Eurasia» kompaniýasy wekili Türkmenistanyň durnukly ykdysady ösüşini belläp, kompaniýanyň Türkmenistan Ylymlar akademiýasynyň ygtybarly hyzmatdaşy bolmagyny dowam etdirjekdigine ynandyrdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň