Soňky habarlar

Arhiw

Gurbanguly Berdimuhamedow Rejep Taýyp Ärdogan bilen duşuşdy

15:0101.03.2024
0
22631
Gurbanguly Berdimuhamedow Rejep Taýyp Ärdogan bilen duşuşdy
Surat: tccb.gov.tr

3-nji Antalýa diplomatik forumyna gatnaşmak maksady bilen Türkiýä iş sapary bilen baran şu gün Türkmenistanyň Halk Maslahataynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan bilen duşuşdy. Bu barada türk Lideriniň Metbugat gullugy habar berdi.

Ikiçäk duşuşygyň dowamynda türkmen halkynyň Milli Lideri Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogany 26-njy fewralda 70 ýaşynyň dolmagy mynasybetli Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň gol çeken Permany esasynda Türkmenistanyň «Hormatly il ýaşulusy» diýen adyň dakylmagy bilen mähirli gutlady hem-de oňa türkmen içmegini sowgat etdi.

Soňra duşuşyk iki ýurduň wekiliýetleriniň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde dowam etdirildi. Taraplar syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlarda iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar.

Gepleşikleriň jemleri boýunça ikitaraplaýyn resminamalaryň birnäçesine gol çekildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň