Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Rim Papasy dümew sebäpli hassahana ýerleşdirildi

09:3629.02.2024
0
13676
Rim Papasy dümew sebäpli hassahana ýerleşdirildi
Surat: news.rambler.ru

Rim Papasy Fransisk dümewläp, Rimiň hassahanasyna ýerleşdirildi. Bu barada «Rambler.ru» habar berdi.

87 ýaşly pontifik geçen çarşenbede her hepdedäki dabe öwrülen kabul edişligini goýbolsun etdi, bu dessury öz kömekçisine ynandy hem-de dindarlara özüniň ýaramaýandygyny habar berdi.

«Men henizem dümewden doly aýňalamok, şonuň üçin monsenor Çampanelliden şu günki mynajaty geçirmegi haýyş etdim» diýen Papanyň sözlerini «ANSA» neşiri getirýär,

26-njy fewralda Mukaddes tagtyň habarlar gullugy Papanyň dümew sebäpli işjeň gullukdan saklanýandygyny habar berdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň