Soňky habarlar

Arhiw

«EuroHome TM»: «Schütte» duş ulgamlary bilen tropik çabganyň güýjüni duýuň

17:3128.02.2024
0
30087

Wanna otagyňyzda her gün tropik çabganyň serginligini duýmak isleýärsiňizmi? «EuroHome TM» dükanynda hödürlenýän Germaniýanyň «Schütte» brendiniň täze gelip gowşan duş ulgamlary bilen bu indi hakykatdanam mümkin boldy!

Indi srtesse garşy mylaýym çabganyň täsirini öýden çykmazdan duýup bilersiňiz. Leýki ýörite gurluşy — dakylýan enjamy we aerator — tropiki çabganyň täsirini döretmäge ýardam edýär. Bu hili duşuň yzygiderli kabul edilmegi şulara kömek edýär:

  • stresden we nerw dartgynlylygyndan dynmaga;
  • deriniň tonusyny ýokarlandyrmaga;
  • myşsalary rahatlandyrmaga;
  • periferiýa gan aýlanyşyny gowulandyrmaga;
  • ýürek myşsasynyň işleýşini kadalaşdyrmaga.

«Schütte» — ýokary hilli duş ulgamlaryny öndürmekde köp ýyllyk tejribesi bolan kompaniýa. «Schütteniň» önümleriniň ählisi Germaniýada öndürilip, ol ýokary hil standartlaryny we ygtybarlylygy kepillendirýär.

«EuroHome TM» müşderileriň her bir önümiň hiline we ygtybarlylygyna ynamly bolmagy üçin dükanyň assortimentini üns bilen saýlap alýar. Dükanda diňe özlerini Ýewropanyň iň gowy öndürijileri hökmünde ykrar etdiren hem-de santehnika bazarynda uly abraýdan peýdalanýan kompaniýalaryň önümleri hödürlenýär.

Harytlary Ýewropadan göni üpjün edýändigi üçin, «EuroHome TM» türkmen sarp edijilerine amatly bahalary hödürleýär. Dükan santehnika enjamlarynyň bahasynyň Türkiýeden we Hytaýdan getirilýän şol hili önümlerden arzandygyny belleýär.

«EuroHome TM» dükany Aşgabatda şu salgyda ýerleşýär: G.Kulyýew köçesi, 64-nji bina, «Türkmen deri» binasy, 2-nji gat.

Dükan harytlary Türkmenistanyň ähli sebitlerine ugradýar.

Habarlaşmak üçin:

  • telefon belgileri: (+993 61) 99 71 74, (+993 65) 81 70 99;
  • elektron poçtasynyň salgysy: eurohometm@gmail.com;
  • sosial media ulgamyndaky sahypasy.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň