Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

80-nji ýyllaryň saç timary ýene ýörgünli boldy

13:0328.02.2024
0
17832
80-nji ýyllaryň saç timary ýene ýörgünli boldy
Surat: mir24.tv

1980-nji ýyllarda meşhurlyk gazanan zenan saçlarynyň timarlanyşy ýene nysaga öwrülip başlady. Muňa meşhur zenanlar sebäp bolýarlar diýip, «MIR 24» habar berýär.

Meşhur saç bejerilişiniň sanawyna mallet, şeggi, «möjek gyrkylyşy» we beýleki bulam-bujar hem-de güberdilen saç daralyşy girýär. Olaryň ýörgünli bolmagyna aýdymçy Maýli Saýrus, aktrisalar Bleýk Lawli we Florens Pýu dagylar goşant goşdular.

Dellek Reýçel Gibsonyň aýtmagyna görä, 80-nji ýyllarda uzyn we gabaraly saçlar diňe zenanlaryň jemgyýetdäki derejesini görkezmän, olara üns merkezinde bolmaga ýardam edipdir. Şeýle saç bilen kinofilmlerde görünmek diýseň özüne çekiji bolupdyr diýip, «New York Post» neşiri ýazýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň