Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Hindistanda dini çäre wagty 300 adam iýmit zäherlenmesinden ejir çekdi

12:2423.02.2024
0
22224
Hindistanda dini çäre wagty 300 adam iýmit zäherlenmesinden ejir çekdi
Surat: belta.by

300-den gowrak adam Hindistanyň Maharaştra ştatynda dini baýramçylyk wagtynda iýmit zäherlenmesini aldy. Bu barada «Sinhua» habarlar gullugyna salgylanýan «Belta.by» ýazýar.

Waka Buldhana şäherinde bir hepdeläp dowam edýän induizm dini çäresi wagtynda boldy. Adamlar ýürek bulanmasyndan we umumy ýarawsyzlykdan nägilelik bildirdiler. Olar gyssagly döwlet hassahanalaryna eltildi.

Hassalaryň köpüsi tizara öýlerine goýberildi.

Waka sebäpli jenaýat işi açyldy we derňew işlerina başlandy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň