«Ajaýyp asyr» türk serialynyň ýyldyzy Russiýa bardy

09:3721.02.2024
0
17889
«Ajaýyp asyr» türk serialynyň ýyldyzy Russiýa bardy
Surat:gazeta.ru

«Ajaýyp asyr», «Saýraýan guş» we «Gara guş» atly seriallarynda baş keşpleri döreden türk aktýory Burak Özçiwit russiýaly muşdaklary bilen duşuşmak üçin Moskwa bardy.

Bu barada «Super.ru» neşirine salgylanýan «Gazeta.ru» ýazýar. Türk ýyldyzynyň Moskwada milli rus egin-eşikli gyzlaryň aýdym-sazly garşylaýyşlarynyň wideosy internetde ýerleşdirildi.

Aktýoryň rus paýtagtynda we Sankt-Peterburg şäherinde tomaşaçylar bilen duşuşyklary bolar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň