Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Gurban Berdiýew Täjigistanda tälimçiler üçin okuw maslahatyny geçirer

11:5419.02.2024
0
28395

«Istiklol» futbol kluby futbol tälimçileriniň tejribesini artdyrmak üçin 19-21-nji fewral aralygynda Duşenbe şäherinde okuw-maslahatyny guraýar. Bu barada täjik klubynyň metbugat gullugy habar berdi.

Okuw maslahaty meşhur türkmen tälimçisi Gurban Berdiýew tarapyndan geçiler. Nazary we amaly okuwlar «Haýat Ridjensi» hem-de Merkezi respublikan stadionda geçiriler.

Çäräniň maksady tejribe we bilim alyşmak arkaly futbol tälimçileriniň hünär derejesini ýokarlandyrmakdan ybaratdyr.

Maglumat üçin, 71 ýaşly türkmen hünärmeni Berdiýewiň iň soňky iş ýeri Mahaçkalanyň «Dinamo» toparydyr. Ol mahaçkala topary bilen fewral aýynda hoşlaşypdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň