Çekirtgeler dünýäniň azyk howpsuzlygyna howp salyp biler

11:3419.02.2024
0
22138
Çekirtgeler dünýäniň azyk howpsuzlygyna howp salyp biler
Surat:gazeta.ru

Singapuryň we Hytaýyň alymlary barha ýygjamlaşýan çekirtge hüjümleriniň bütin dünýäniň azyk howpsuzlygyna zyýan edip biljekdigini anykladylar. Bu ugurdaky ylmy-barlagyň netijeleri «Science Advances» ylmy žurnalynda çap edildi diýip, «Gazeta.ru» ýazýar.

Alymlar BMG-niň Azyk we oba hojalyk guramasynyň maglumatlaryna salgylandylar. Olarda 1985-2020-nji ýyllar aralygynda 36 ýurtdaky çekirtge hüjümleri barada maglumat berilýär. Alymlar bu ýagdaýy howanyň temperaturasy, şemalyň tizligi we ygallaryň derejesi ýaly meteorologik görkezijiler bilen baglanyşdyrdylar.

«Howanyň maýlamagy çekirtgeleriň köpelmegine getirýär, ýagdaý bütin dünýäde çekirtgelere gözegçiligiň utgaşdyrylmagyny talap edýär» diýlip, ylmy-barlagda bellenýär.

Alymlar çekirtgeleriň iň köp howp salýan sebitleri hökmünde Afrikany, Ýakyn Gündogary we Günorta Aziýany görkezýärler.

Ylmy-barlagda ygalyň artmagynyň we howanyň temperaturasynyň ortaça ösüşiniň bu sebitlerde çekirtgeler üçin amatly şertleri döredýändigi aýdylýar. Netijede, bu zyýanly mör-möjekleriň oba hojalyga howp salýan çäkleri barha giňeler diýlip, alymlar nygtaýarlar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň