Lebap welaýatynda hereket edýän pagta arassalaýjy kärhanalarda tohumlyk gowaça çigidi taýýarlanylýar. Saýat etrabynyň Garabekewül pagta arassalaýjy kärhanasynda hem bu işler bellenilen tertipde alnyp barylýar. Bu barada welaýat neşirinde habar berildi.
Habarda bellenilişi ýaly, beýleki kärhanalardan tapawutlylykda bu ýerde tohumy daşynyň gabygyndan arassalanylan görnüşde taýýarlaýarlar. Bu çigitler takyk ekijiler üçin niýetlenilendirler.
Lebap welaýatynda «Monosem», «Gaspardo», «Cansa» kysymly kuwwatly ekijileriň 95-si möwsüme doly derejede taýýar edilip goýuldy. Olaryň ep-esli tohumy tygşytlaýandyklaryny, gowaça gögerip çykanyndan soňky el işleriniň zerurlygyny aradan aýyrýandyklaryny geçen ýyllaryň tejribesi görkezdi.
Etrabyň «Garabekewül», «Ak gala» we «Lamma» daýhan birleşiklerine degişli ekin meýdanlarynda gowaçanyň tohumlyk çigidi ýörite ýetişdirilýär. Şonuň üçin hem bu hojalyklardan gelýän hasyl aýratyn işlenilip, gowaça çigitleri tohumlyk üçin niýetlenilýär diýlip, habarda bellenilýär.